744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.06.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet sapary bilen gitdi

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrmak üçin ugrady. Döwlet Baştutanyny paýtagtyň Halkara howa menzilinden ýurduň resmi ýolbaşçylary ugratdylar. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň uçary iki döwletiň baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmany garşylamak üçin howa menzilinde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Türkmenistanyň Prezidentini Azerbaýjanyň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda gysgaça söhbetdeşlik boldy. Duşuşykda taraplar bu saparyň we onuň çäginde geçiriljek gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykarmakda uly ähmiýete eýedigini bellediler. Azerbaýjan tarapynyň wekili döwlet Baştutanynymyzyň saparynyň şowly geçmegini arzuw etdi.

Hormatly Przezidentimiz görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen strategik hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly üns berýändigini nygtady. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar wagtynda bellenilen resmi kabulhana — «Zagulba» köşgüne ugrady.