744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.06.2026
Türkmenistan we Azerbaýjan strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäginde, iki ýurduň Liderleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykdan soňra, ýokary derejedäki gepleşikler iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Duşuşykda syýasy, söwda, energetika, strategik ulag geçelgeleri we medeni hyzmatdaşlyk ugurlar maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gepleşikleriň syýasy ugrunda iki ýurduň halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, YHG-nyň, TDG-nyň we GDA-nyň çäklerinde biri-birini yzygiderli goldaýandygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek baradaky teklipi öňe sürüldi.

Söwda-ykdysady ulgamda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini durnukly diýlip bahalandyryldy we bu ugurda Hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýdyldy. Elektroenergetika ulgamynda bolsa Türkmenistanyň Azerbaýjana elektrik energiýasyny ibermäge doly mümkinçiliginiň bardygy, häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň batly depginler bilen alnyp barylýandygy mälim edildi.

Ulag-üstaşyr ulgamy hyzmatdaşlygyň iň strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi we Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe geçelgesiniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem taraplar Hazar we Gara deňiz sebitlerini baglanyşdyrýan Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça täze ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldadylar we bu işleri utgaşdyrmak üçin ýörite bilelikdäki toparyň işini güýçlendirmegi teklip etdiler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň çäginde özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň halklary has-da ýakynlaşdyrýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň iki ýurduň sarsmaz doganlygynyň hem-de ruhy bitewüliginiň belent nyşanyna öwrüljekdigi aýratyn aýdyldy.