744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.06.2026
Bakuwda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň ýokary derejedäki duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäginde 22-nji iýunda Baku şäheriniň «Zagulba» köşgünde iki ýurduň Liderleriniň resmi duşuşyk dabarasy boldy. Belent mertebeli myhmany Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary resmi wekiliýetleriň agzalary bilen tanyşdylar we iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Resmi dabaralardan soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Azerbaýjanyň Lideri türkmen kärdeşini mähirli gutlap, çakylygy kabul edip gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ilham Aliýew bu saparyň we geçirilýän duşuşyklaryň köpasyrlyk azerbaýjan-türkmen dostlukly gatnaşyklaryny hil taýdan täze, has ýokary derejä ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde azerbaýjan tarapyna myhmansöýerlik we ýokary guramaçylyk üçin hoşallygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini belläp, şu gezekki gepleşikleriň hem hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şertidigini aýtdy we geçen ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana iki gezek sapar gurandygyny, şeýle hem Prezident Ilham Aliýewiň Türkmenistana gelendigini ýatlatdy. Pursatdan peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Ilham Aliýewe dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny ýollady. Ilham Aliýew azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda we strategik häsiýete eýe bolmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň taryhy hem-de ägirt uly hyzmatlarynyň bardygyny aýratyn belledi.