744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.06.2026
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň strategik hyzmatdaşlygy täze «Dostluk» tankeri bilen berkedilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana saparynyň çäklerinde 22-nji iýunda dabaraly çäre geçirildi. Oňa iki ýurduň liderleri Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda dostlukly ýurduň adyndan Türkmenistana sowgat berlen «Dostluk» atly täze nebit tankeri resmi ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Dabaranyň başynda iki ýurduň liderlerine täze gäminiň tehniki aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumat berildi. Şondan soňra Azerbaýjan tarapynyň wekili döwlet Baştutanlaryndan tankeriň işe girizilmegine ak pata bermeklerini haýyş etdi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ilham Aliýew ýörite düwmäni basyp, gäminiň ýüzüşe ugradylmagyny onlaýn monitor arkaly synladylar. Çäre Prezident Ilham Aliýewiň tankeriň resmi şahadatnamasyny Türkmenistanyň Prezidentine dabaraly ýagdaýda gowşurmagy bilen dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowşurylan sowgat üçin azerbaýjan tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu döwrebap gäminiň iki goňşy halkyň arasyndaky polat ýaly berk dostlugyň nobatdaky nyşanydygyny hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýdyň görkezýändigini aýratyn nygtady.