744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.06.2026
Türkmenistan we Azerbaýjan köp ugurly resminamalar toplumyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarýan möhüm ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasyna gatnaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň liderleri döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýän Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Bu barada Türkmen Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gol çekilen we alşylan ykdysady we hökümetara resminamalaryň hatarynda özara söwdada harytlaryň geçirilmegi baradaky Tehniki şertler, gümrük statistikasyna degişli Teswirnama hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda Ylalaşyk bar. Mundan başga-da, taraplar energetika, senagat we iýmit howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşyklara, şeýle hem senagat ulgamy boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin niýetlenen ýörite Maksatnama gol çekdiler.

Iki döwletiň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň derejesinde hem birnäçe möhüm Ähtnamalar tassyklanyldy. Bulara oba hojalygy, saglygy goraýyş, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, maliýe we sport ulgamlaryndaky özara düşünişmek hakyndaky resminamalar degişlidir. Şonuň bilen birlikde, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2026 — 2029-njy ýyllara çenli döwri öz içine alýan hyzmatdaşlyk Maksatnamasy kabul edildi.

Resmi dabaranyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Prezident Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama dabaraly ýagdaýda gol çekdiler. Bu taryhy resminamada taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky köpşahaly gatnaşyklaryň strategik häsiýetini tassyklap, saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklary we taslamalary durmuşa geçirmäge doly taýýardyklaryny beýan etdiler.