744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.06.2026
Türkmenistanyň söwda biržasynda daşary ýurtly işewürler bilen 7 sany iri ylalaşyk gazanyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 23-nji iýunda guralan söwdalaryň dowamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen jemi 3 489 650,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 sany şertnama baglaşyldy. Bu geleşikler halkara söwda meýdançasynda amala aşyrylyp, oňa goňşy we sebit ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Halkara söwda çäreleriniň barşynda Owganystanyň hem-de Özbegistanyň işewürler toparlary “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy uly möçberde satyn almak barada ylalaşyk gazandylar. Energetika önümleri daşarky bazarda iň köp isleg bildirilýän harytlaryň biri bolmagyny dowam edýär.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkiýe Respublikasynyň hususy pudagynyň wekilleri hem türkmen telekeçilerinden uly mukdarda ýokary hilli pagta süýümini we taýýar nah ýüplügi satyn aldylar. Bu şertnamalar ýurdumyzyň dokma we oba hojalyk harytlaryna bolan daşary ýurt isleginiň ýokarydygyny nobatdaky gezek subut etdi.