«Türkmennebit» döwlet konserni ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga taýýarlanýar. Konserne degişli bolan kärhanalar tarapyndan täze nebit-gaz ýataklaryny tapmak we olary önümçilik taýdan özleşdirmek ugrunda ägirt uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde konserniň Balkan welaýatyndaky düzümleri, aýratyn-da «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» müdirligi nusgalyk netijeleri görkezýär. Bu müdirligiň hünärmenleri sebitdäki Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ekizak, Ördekli we Uzynada ýaly birnäçe strategik känlerde ýerasty baýlyklary gazyp almak işlerini utgaşykly alyp barýarlar.
Ýakynda Hazar deňziniň kenarýakasynaky Uzynada käninde täze gazdan nebit kondensatly garyndysyny saýlaýjy we akdyryjy desga gurlup, ulanylmaga berildi. Bu döwrebap desga uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin harçlanýan wagty we maddy çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi. Täze desganyň işe girizilmegi bilen, önümleri harytlyk görnüşine getirmek üçin öňküsi ýaly Ördekli, Gögerendag ýa-da Gumdag känlerine ibermek zerurlygy aradan aýryldy we iş amallary doly awtomatlaşdyryldy.
Täze desganyň taslamasyny «Nebitgazylmytaslama» instituty taýýarlady, onuň gurluşyk işlerini bolsa «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň işçileri ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Desgada oturdylan güýçli enjamlar arkaly ýer astyndan çykarylýan tebigy gaz beýleki garyndylardan we suwdan doly arassalanýar. Arassalanan tebigy gaz täze çekilen 32,3 kilometrlik turba geçirijisi arkaly Barsagelmez meýdançasyna, nebit kondensaty bolsa Gumdag bekedi ugruna ugradylýar.
Uzynada känindäki bu taryhy taslama sebitde işleriň gerimini has-da giňeltmäge täze şertleri döretdi. Ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleri önümçilikde kämil tehnologiýalary ulanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri we goldawlary üçin ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna tükeniksiz hoşallyklaryny bildirýärler.