744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
25.06.2026
Türkmenistan Wenada geçirilýän OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar. 23-nji iýunda başlan bu taryhy çäre dünýäniň dürli künjeklerinden gelen hökümet agzalarynyň, abraýly ösüş institutlarynyň wekilleriniň we iri işewürlik ulgamynyň ýolbaşçylarynyň başyny bir ýere jemleýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

«Ertirki günümiziň mümkinçiliklerini giňeldýän geçiş» şygary astynda guralan bu gezekki forum aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi 2026-njy ýyldaky bu halkara duşuşyk OPEK Halkara ösüş gaznasynyň döredilmeginiň 50 ýyllyk şanly ýubileýine gabat gelýär.

Wena şäherine amala aşyrylan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, OPEK Halkara ösüş gaznasynyň Prezidenti doktor Abdulhamid Alhalifa, Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi hem-de Türk Maýa goýum gaznasynyň Prezidenti Bagdad Amreýew bilen ikitaraplaýyn gepleşikler alnyp barlyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekilleriniň uly gyzyklanma döreden bu foruma işjeň gatnaşmagy, ýurdumyzyň halkara maliýe edaralary, ösüş institutlary hem-de dünýäniň öňdebaryjy gaznalary bilen alyp barýan netijeli we strategik hyzmatdaşlygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.