Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 24-nji iýunda “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” diýen at bilen uly maslahat geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň esasy wakalarynyň biri bolan bu çärede döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň halkara giňişliginde gazanýan uly üstünlikleri buýsanç bilen bellenildi. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Maslahatda Türkmenistanyň sebit ýurtlary, aýratyn-da goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan doganlyk döwletler bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere çykandygy aýdyldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran taryhy döwlet saparynyň hem-de onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary hil taýdan täze derejä göterendigini aýratyn nygtadylar.
Iki halkyň asyrlar boýy dowam edip gelýän taryhy, medeni, dili we dini umumylygy şu günki gün köptaraply hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýär. Döwlet saparynyň dowamynda doganlyk Azerbaýjan tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” atly döwrebap nebit tankeriniň sowgat berilmegi we Prezident Ilham Aliýewiň bu gäminiň şahadatnamasyny dabaraly ýagdaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyza gowşurmagy dostlukly gatnaşyklaryň hakyky aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Şeýle hem saparyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler we dürli ugurlary öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekilmegi sebitde haryt dolanyşygyny artdyrmaga we söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge täze itergi berdi. Duşuşykda Hazarüsti üstaşyr ulag geçelgeleriniň we logistika merkezleriniň uly mümkinçiliklerinden bilelikde peýdalanmak meselelerine hem aýratyn üns berildi.
Maslahata gatnaşyjylar halkara gatnaşyklary ösdürmäge, sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge döredip berýän giň şertleri üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar hem-de öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda jan aýaman önjeýli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.