744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.06.2026
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Azerbaýjanyň Prezidenti arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda 25-nji iýunda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Azerbaýjanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr bolandygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda türkmen wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik we halkymyza sowgat berlen täze “Dostluk” gämisi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu gäminiň Hazar sebitiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna oňyn täsir etjekdigi bellenildi. Gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady, senagat, ulag, oba hojalygy we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat boldy.

Söhbetdeşlikde medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryň, hususan-da iki ýurtda geçirilen Medeniýet günleriniň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda ýurdumyzda Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda “Ene — tebigat” atly halkara serginiň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar iki ýurduň doganlyk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.