744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.06.2026
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze nebithimiýa önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň alyp barýan işleri hem-de pudagy ösdürmegiň meýilnamalary barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Bu ýerde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport mümkinçilikleri ýokary bolan nebithimiýa önümlerini öndürmek meýilleşdirilýär. Şunlukda, wise-premýer degişli önümçilikleri ýola goýmak baradaky täze teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen taýýarlanylan bu teklibi makullady hem-de wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçilik düzümlerini döretmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.