744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
29.06.2026
Dünýä jemgyýetçiligi türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlaýar

Dünýä döwletleriniň baştutanlary we halkara guramalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollaýarlar. Ýurt baştutanlary öz gutlag hatlarynda Gahryman Arkadagyň köpýyllyk döwlet zähmetine, parasatly ýolbaşçylygyna hem-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende göterilmegine goşan goşandyna ýokary baha berýärler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin öz ýüzlenmelerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýetini aýratyn bellediler. Hytaýyň Baştutany Pekinde geçirilen duşuşyklary ýatlap, gatnaşyklary täze derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklasa, Russiýanyň Prezidenti sebit durnuklylygynyň bähbidine çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew we Federal Ýygnagyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko dagylar hem Milli Lideri syýasy öňdengörüjiligi üçin gutlap, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Goňşy we doganlyk ýurtlaryň ýolbaşçylary — Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon dagylar Gahryman Arkadagyň alyp barýan asylly işlerine belent sarpa goýýandyklaryny beýan etdiler. Gutlaglarda sebitdäki söwda, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygy bellenilip, Milli Lideriň başlangyçlarynyň hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigi aýratyn nygtaldy.

Milli Lideriň adyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýondan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkodan, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiden we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýandan hem gutlag hatlary geldi. Koreýanyň Baştutany ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlardaky goldawlar üçin minnetdarlyk bildirip, öňde duran ýokary derejeli sammitiň ähmiýetini belledi. Ýurtlaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň parahatçylyk söýüjilikli syýasat bilen utgaşýandygyny biragyzdan ykrar etdiler.

Halkara guramalaryň adyndan GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý gutlag ýollap, Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýandygyny aýtdylar. Şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Migel Anhel Moratinos Milli Lideriň bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak konsepsiýalaryny dünýä derejesinde ilerletmekdäki nusgalyk işine, aýratyn-da, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegine ýokary baha berdi.

Mundan başga-da, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger hem-de Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade dagylar hem öz gutlaglarynda Gahryman Arkadaga berk jan saglyk, uzak ömür we maşgala abadançylygyny arzuw edip, onuň pähim-paýhasynyň we dünýä medeniýetine berýän durnukly goldawynyň geljek nesiller üçin aýdyň nusgadygyny bellediler.