744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
29.06.2026
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymgulynyň döredijiligi – türkmen medeniýetiniň pähim – paýhasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräniň öňe süren esasy maksady beýik akyldar şahyryň edebi-filosofik mirasyny häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda öwrenmekden, onuň eserlerindäki ynsanperwerlik ýörelgeleri hem-de milli ruhy gymmatlyklary ylmy taýdan seljermekden ybarat boldy.

Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden professor N.Suwhanow Magtymguly Pyragynyň filosofik garaýyşlarynyň halkymyzyň ruhy dünýäsindäki orny barada giňişleýin durup geçdi. Ol akyldaryň goşgularynda öňe sürülýän adalatlylyk, agzybirlik we watançylyk ýaly mukaddes düşünjeleriň häzirki döwrüň inžener-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hem uly ähmiýete eýedigini ylmy taýdan esaslandyrdy. Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa öz çykyşynda şahyryň eserlerindäki ahlak we edep kadalaryna, maşgala mukaddesligine ünsi çekip, bu gymmatlyklaryň ýaş nesli terbiýelemekdäki ornuna ýokary baha berdi.

Munuň bilen birlikde, uniwersitetiň uly mugallymlary J.Sapargulyýewanyň hem-de Ş.Geldiýewanyň çykyşlarynda beýik söz ussadynyň şygryýetiniň çeperçilik aýratynlyklary we onuň türkmen medeniýetiniň kämilleşmegine ýetiren täsirleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryny, ýaş alymlaryny, talyplaryny hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemlän bu çäre öz işini sekiz sany ylmy bölümçede dowam etdirdi.

Bölümçeleriň barşynda Magtymguly Pyragynyň medeni, taryhy, filosofik we terbiýeçilik mirasyna degişli 150-den gowrak ylmy hasabatlar hem-de çykyşlar diňlenildi. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlara döwrebap bilim almak we ylmy barlaglar bilen meşgullanmak üçin giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.