Türkmenistanyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak we aýratyn-da ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy düýpli giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň bu abraýly halkara maliýe guramasy bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan degişli işler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Maliýe düzüminiň ýolbaşçysynyň geljek aýda Türkmenistana amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda netijeli iş maslahaty geçirildi. Bu duşuşykda saparyň barşynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän möhüm resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, esasy üns ýangyç-energetika pudagyna gönükdirilip, şonuň bilen birwagtda ulag, ekologiýa we bank-maliýe ulgamlary boýunça hem täze taslamalaryň we degişli ylalaşyklaryň çäreleri işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe institutlary hem-de halkara banklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen köp ýyllaryň dowamynda synagdan geçen we üstünlikli hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygyny ýatladyp, esasanam strategik taýdan möhüm bolan energetika pudagynda we beýleki ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak baradaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.