744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.06.2026
Türkmenistanyň Prezidenti iri daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy iýunda ýurdumyza sapar bilen gelen dünýäniň iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini kabul etdi. Döwlet Baştutany Türkiýäniň «Rönesans Holding» we «Çalyk Holding», Günorta Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction», şeýle hem Ýaponiýanyň «Toyo Engineering Corporation» we «Kawasaki Heavy Industries» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen aýratynlykda duşuşyklar geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäheriniň şanly senesi hem-de Milli Liderimiziň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler. Işewürler Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerine ýokary baha berip, sebit ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanlary gutlap, Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Duşuşyklarda nebitgaz pudagynda, himiýa we gurluşyk senagatynda, energetika hem-de dokma ulgamlarynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri giňden maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany amala aşyrylýan taslamalarda innowasion tehnologiýalaryň we ýokary hiliň üpjün edilmeginiň esasy şert bolup durýandygyny belledi.

Daşary ýurtly kompaniýalaryň ýolbaşçylary Türkmenistanda netijeli iş alyp barmak we maýa goýumlaryny amala aşyrmak üçin döredilýän giň mümkinçilikler we amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Işewürler öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny mundan beýläk-de ýokary jogapkärçilik we kämil derejede ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.