744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
01.07.2026
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 30-nju iýunda ýurtda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky strategik hyzmatdaşlygy barada giňişleýin pikir alşyldy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy halkara guramasynyň wekiline ýurtda bilelikde amala aşyrylan maksatnamalary ösdürmäge, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga goşan önjeýli goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ministr diplomata geljekki jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, onuň netijeli işiniň mundan beýläk hem ählumumy hyzmatdaşlyga gowy gural boljakdygyna ynam bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen ýola goýlan köpugurly we strategik gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigi ýene bir gezek tassyklanyldy. Şunda parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň iň ygtybarly halkara hyzmatdaş bolup durýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanda diplomatik wezipesini ýerine ýetiren döwründe özüne we amala aşyrylan taslamalara görkezilen hemmetaraplaýyn goldaw hem-de ýokary guramaçylykly ýardam üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.