744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.07.2026
Balkanabatda gallaçylaryň zähmet üstünligi we täze metjidiň atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi

Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän meýdançasynda welaýatyň gallaçylarynyň gazanan uly zähmet üstünligi hem-de Arkadag şäherinde gurluşygy dowam edýän täze metjide “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip at berilmegi mynasybetli dabaraly toý sadakasy berildi. 1-nji iýulda guralan bu çärä sebitiň hormatly ýaşululary, din wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň aýdymlary we ajaýyp sazlary ýaňlandy. Sungat ussatlary öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri, Watanymyzyň abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny belentden wasp etdiler.

Çäräniň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän nurana metjidiň halkyň isleg-arzuwlary we teklipleri esasynda “Arkadagyň ruhy metjidi” diýlip atlandyrylmagynyň milli we ruhy gymmatlyklara goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasydygy nygtaldy. Şeýle hem ýurduň däne garaşsyzlygyny berkitmäge uly goşant goşan welaýatyň zähmetsöýer daýhanlarynyň, mehanizatorlarynyň we beýleki oba hojalyk işgärleriniň agzybir zähmetine ýokary baha berildi.

Dabaraly çäräniň ahyrynda toý tagamlary dadylyp, din wekilleri tarapyndan aýat-töwirler okaldy. Sadakada bina edilýän täze metjidiň ybadat edýänleriň mukaddes ojagyna öwrülmegi, ak bazarlarymyzyň galla berekediniň egsilmez bolmagy, şeýle hem ýurt parahatçylygyny we halkyň rowaçlygyny üpjün edýän döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, işleriniň hemişe şowly bolmagy barada dilegler edildi.