744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.07.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji iýulda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi. Myhman durnukly goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýändigini belläp, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek nobatdaky geňeşmeleriň özara dostlugy has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we BMG, ÝHHG ýaly abraýly halkara guramalaryň hem-de “Merkezi Aziýa +” formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gürrüňdeşligiň dowamynda ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy artdyrmakda hökümetara toparyň işiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyny nygtap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.