744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.07.2026
Türkmen talyplary Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw önümçilik tejribeligini geçýärler

Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Pekin şäherinde ýerleşýän Hytaýyň nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Şu ýylyň 29-njy iýuny bilen 20-nji iýuly aralygynda guralýan bu çäre döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda milli bilim ulgamyny halkara derejede döwrebaplaşdyrmak ugrundaky işleriň barşynda amala aşyrylýar.

Bu sapar 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde gol çekilen, bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek baradaky Ylalaşygyň çäklerinde amala aşyrylýar. Resminama Hytaýyň Bilim ministrliginiň degişli merkezi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň nebit uniwersiteti tarapyndan energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen kabul edilipdi.

Üç hepdelik tomusky tejribelik maksatnamasyna laýyklykda, türkmen talyplary Hytaýyň nebit uniwersitetiniň okuw tejribehanalary, merkezleri we muzeýleri bilen tanyşýarlar. Şeýle hem ýaşlar Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, ýurduň geologiýa, ylym we tehnika muzeýlerine hem-de Beýik Hytaý diwaryna baryp görerler. Şunda olar hytaý dili we medeniýeti boýunça dersleri öwrenip, ýaşyl energiýa, nebitiň we gazyň geljegi, Ýüpek ýoly boýunça energetika gatnaşyklary ýaly ugurlarda gysga möhletli okuwlara gatnaşýarlar.

Tejribeligiň dowamynda talyplar okuw prosesine sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ornaşdyrylyşy, interaktiw okatmagyň usullary hem-de ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy boýunça tejribe alyşýarlar. Şeýle hem olar Hytaýyň nebit uniwersitetinde bilim alýan ýerli we beýleki türkmen talyplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik tapýarlar.

Guralan bu okuw-önümçilik tejribeligi ýaşlaryň nazary bilimlerini önümçilikde pugtalandyrmaga we dünýäniň öňdebaryjy ylmy innowasiýalaryny öwrenmäge ýardam edýär. Şeýle ikitaraplaýyn gatnaşyklar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň hem-de kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryp, milli bilim ulgamynyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrar.