Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlaryň döwlet we sebit Baştutanlaryndan doglan güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşmagyny dowam edýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar öz ýüzlenmelerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda, şeýle hem Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekde bitiren uly hyzmatlaryna we syýasy parasatlylygyna ýokary baha berýärler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow iberen gutlagynda iki doganlyk ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny aýratyn belledi. Gyrgyzystanyň Baştutany özara bähbitli ugurlarda bilelikdäki tagallalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkidip, täze belentliklere ýetirjekdigine ynam bildirdi we Milli Liderimize berk jan saglyk, türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi.
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow hem öz gutlagynda Gahryman Arkadagymyzyň Ýewraziýa sebitinde özara düşünişmegi we parahatçylygy goldamakdaky möhüm ornuny nygtady. Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini bellän gubernator, ýola goýlan hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny ýollady.