744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.07.2026
Türkmenistan we Gazagystan söwda-ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar özara söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmäge hem-de sebitiň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak üçin energetika we ulag-üstaşyr pudaklaryny ösdürmäge esasy ünsi çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Diplomatlar özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini düýpli artdyrmak we onuň gurluşyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri kesgitlediler. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek, sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen energetika pudagy we ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle hem iki ýurduň sebitara gatnaşyklaryny pugtalandyrýan serhetýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goldaw berildi.

Taraplar iki döwletiň Baştutanlary tarapyndan kesgitlenýän ýokary depgindäki syýasy-diplomatik gatnaşyklary hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy hem bellediler. Ministrler garaýyşlary dessin utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän yzygiderli daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmelere ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, ählumumy gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara goldaw bermek ygrarlylygy tassyklanyldy.

Ekologiýa we serhetüsti suw serişdelerini netijeli dolandyrmak meselelerinde hem durlup geçildi. Ministrler Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) çäklerindäki hyzmatdaşlygy we Hazar meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Gazak tarapy Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny doly goldaýandygyny mälim etdi.

Taraplar medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we maglumat ulgamyndaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, sebit hyzmatdaşlygynyň görnüşleriniň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.