744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.07.2026
Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji iýulda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow ýurduň nebitgaz pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berildi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de önümçilik kärhanalaryny zerur bolan çig mal we serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi senagat desgalaryny döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmäge we tehnologik tapgyrlary ýokary derejede kämilleşdirmäge şert döredýär. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna ýörite teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi doly goldady we bu ugurda göz öňünde tutulan işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.