744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.07.2026
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersiteti halkara reýtinge girizildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti eýýäm yzly-yzyna bäşinji ýyl (2022-nji ýyldan bäri) «THE Sustainability Impact Ratings 2026» dünýä reýtinginiň sanawyna girizildi. Bu abraýly halkara üstünlik ýokary okuw mekdebiniň bilim, ylym we innowasiýa ugurlaryndaky işiniň döwrebap talaplara laýyk gelýändigini hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini tassyklady.

Beýik Britaniýanyň «Times Higher Education» agentligi tarapyndan taýýarlanylan bu dünýä sanawy ozal «THE Impact Rankings» ady bilen tanalýardy. Ýokary okuw mekdepleriniň durnukly ösüş ulgamyndaky işini bahalandyrýan bu halkara reýtinge 2026-njy ýylda dünýäniň 116 ýurdundan 1 646-a golaý uniwersitet gatnaşdy. Sanawa girmek üçin uniwersitetler durnukly ösüş maksatlarynyň azyndan dördüsi, şol sanda 17-nji maksat (SDG 17 — «Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk») boýunça ýokary görkezijileri görkezmeli boldular.

Bu gazanylan netije Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge we Türkmenistanyň bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Ýokary okuw mekdebiniň jemi ýurtda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga döredip berýän şertleri we uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýar.