744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.07.2026
«Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky maglumat gatnaşyklary has-da işjeňleşýär. Koreýa Respublikasynyň «Yonhap» habarlar agentliginiň habarçysy Song Dohýon iki ýurduň hyzmatdaşlygy barada makalalar taýýarlamak maksady bilen ýurdumyza sapar gurady. Saparyň çäklerinde žurnalist «Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda bolup, neşiriň baş redaktory Ussa Ussaýewden interwýu aldy hem-de redaksiýanyň döredijilik topary bilen duşuşdy.

Taraplar energetika pudagyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna we geljegine seretdiler. Esasy üstünlikleriň biri hökmünde dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyşda» Koreýanyň «Hyundai Engineering» kompaniýasynyň gatnaşmagynda tebigy gazy kükürtden arassalaýan desganyň gurulmagy görkezildi. Şeýle hem Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de Gyýanlydaky döwrebap gazhimiýa toplumynyň açylmagy ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň netijeli mysallary hökmünde bellenildi.

Nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine hem aýratyn üns berildi. «Türkmengaz» döwlet konserni hem-de Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (KOICA) tarapyndan Mary şäherindäki nebitgaz orta hünär okuw mekdebi üçin gurlan döwrebap okuw binasy hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýygnanyşanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini belläp, öňde duran Seul sammitiniň dostlukly gatnaşyklary täze tapgyra götermekde möhüm meýdança boljakdygyny nygtadylar.