744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.07.2026
Türkmenistan Garaşsyzlygynyňň şanly ýubileýine we 2026-njy ýylyň baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 5-nji iýulda geçirilen dabaraly mejlis “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip ylan edilen 2026-njy ýyldaky baýramçylyk çärelerine we Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlandy. Çäräniň çäginde ahalteke bedewleriniň taryhyny hem-de milli gymmatlyklary görkezýän giň göwrümli sergi guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Mejlisde çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde türkmen atçylyk sungatynyň dünýäde ykrar edilýändigini aýratyn bellediler. Muňa mysal hökmünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejede gazanýan üstünlikleri görkezildi. Şeýle hem ýurtda atçylygy ylmy esasda ösdürmek maksady bilen Arkadag şäherinde halkara derejeli ýörite akademiýanyň, sirkiniň we ylmy-önümçilik merkeziniň döredilendigi nygtaldy.

Dabaranyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlaryny beýan edýän wideoýazgylar görkezilip, pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň müňýyllyklardan gözbaş alýandygy ýatladyldy. Medeniýet we sungat işgärleri Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuna häzirden ýokary guramaçylykly taýýarlyk görýändiklerini we bedewleri wasp edýän täze kämil eserleri döretmek ugrunda zähmet çekýändiklerini mälim etdiler.

Dabaraly mejlisiň ahyrynda estrada ýyldyzlarynyň hem-de bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda belent ruha beslenen joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi we ol çäre toý dabaralarynyň özboluşly jemlemesine öwrüldi.