Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça IRIB telekanalynyň žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi. Bu söhbetdeşlik hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Milli Lider 1998-nji ýyldan bäri dürli döwlet wezipelerinde Eýranyň merhum ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen geçiren duşuşyklaryny uly hormat bilen ýatlady. Söhbetdeşlikde merhum ruhy Lideriň paýhasy we syýasaty, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary diňe bir goňşuçylyk däl, eýsem, "süňk garyndaşlygy" hökmünde häsiýetlendirendigi aýratyn bellenildi. Bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda awtomobil we demir ýollaryň, köprüleriň gurluşygynyň halklary has-da ýakynlaşdyrandygy barada gürrüň edildi.
Milli Lider sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem çylşyrymly halkara şertlerinde ýurduň "Açyk gapylar" syýasatyna eýerip, deňagramlylyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini öňe sürýändigini, parahatçylykly gepleşikleriň tarapdarydygyny mälim etdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda žurnalist eýran halkynyň adyndan şeýle agyr günlerde goldaw berendigi we duýgudaşlyk bildirendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.