744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
07.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sebitleriň ösüşi we oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 6-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler, möwsümleýin agrotehniki çäreler we sebitlerde gurluşyk işleriniň barşy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Iş maslahatynyň esasy ugurlarynyň biri galla oragyny guramaçylykly tamamlamak we galla kabul ediş nokatlaryndaky hasyly elewatorlara utgaşykly daşamak boldy. Esasanam, Daşoguz welaýatynyň gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar aýratyn bellenildi we döwlet Baştutanymyz tarapyndan gutlanyldy. Şonuň bilen birlikde, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary taýýarlamak we geljek ýylyň hasyly üçin ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada hasabat berildi.

Welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam edýär. Şeýle hem ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, ýetişdirilen ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak we içerki bazarlary üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bulardan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ekinlerine ideg edilýär, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi we ideg işleri alnyp barylýar.

Häkimler öz hasabatlarynda Oba milli maksatnamasyna we beýleki döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada maglumat berdiler. Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen bu taslamalaryň gurluşygynyň gidişi döwlet Baştutanymyzyň hemişelik gözegçiliginde saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, azyk bolçulygyny döretmegiň we sebitleri ösdürmegiň ýurt üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli agrotehniki çäreleriň berk gözegçilikde saklanylmagyny we wezipeleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin toplumlaýyn çemeleşilmegini tabşyryp, maslahata gatnaşanlara işlerinde üstünlikler arzuw etdi.