Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 sany mugallymy 28-nji iýunyndan 7-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler. Okuwlar “Gazylyp alynýan magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hem-de “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” ugurlary boýunça guraldy.
Bu sapar uniwersitetiň çäginde 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde dabaraly açylan Lu Ban ussahanasynyň durnukly ösüşini gazanmak, mugallymlaryň pedagogik başarnyklaryny ýokarlandyrmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek maksady bilen amala aşyryldy. 10 gün dowam edýän ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen hünärmenleri Hytaýyň degişli uniwersitetleriniň okuw tejribehanalary, merkezleri, Geologiýa hem-de Ylym we tehnika muzeýleri, şeýle-de “LONGi Green Energy Technology Co., Ltd.” kärhanasy bilen tanyşýarlar.
Bu wajyp çäre 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda taraplaryň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bilim ulgamyndaky şeýle hyzmatdaşlyk iň täze tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna ornaşdyrylmagyna, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ylym-bilim giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna uly goşant goşar.