744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
08.07.2026
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Myhman döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Türkmenistanyň okgunly ösüşine bolan ýokary bahasyny ýetirdi. Taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň diňe bir ikitaraplaýyn däl-de, eýsem, BMG ýaly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Gahryman Arkadagymyz döwletara dialogyň ähmiýetini aýtmak bilen, türkmen tarapyna sowgat berlen “Dostluk” gämisi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem taraplar iki ýurduň şäherlerinde guralan Medeniýet günleriniň taryhy we medeni baglanyşyklary has-da berkitmäge goşan goşandyny aýratyn bellediler.

Munuň bilen birlikde, şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde guramagynda “Tebigat — ene” atly halkara çäräniň geçiriljekdigi mälim edildi. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Mikail Jabbarow iki ýurduň gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.