744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.07.2026
Ermenistan energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýa etmekde Türkmenistana bil baglaýar

Ermenistan Respublikasy Türkmenistan bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmäge hem-de gaz pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan «Turkmenportal» internet saýtyna beren interwýusynda aýdyp geçdi.

Diplomat öz ýurdunyň energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýa etmek we energetika howpsuzlygyny berkitmek syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny belläp, ägirt uly gaz gorlaryna eýe bolan Türkmenistany bu ugurda möhüm hyzmatdaş hökmünde görýändiklerini mälim etdi.

Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklarda energetika pudagy hemişe baş orunlarda durýar we bu meseleler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň mejlislerinde yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýar. Ilçiniň bellemegine görä, bu hyzmatdaşlygyň berk taryhy özeni bar. Sebäbi 1990-njy ýyllarda Türkmenistan Ermenistany tebigy gaz bilen üpjün edýän esasy ýurtlaryň biri bolup çykyş edipdi we şol döwürde toplanan baý tejribe geljekki gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Soňky ýyllarda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen taraplaryň arasynda birnäçe geňeşmeler we bilermenleriň duşuşyklary geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Ermenistan türkmen energiýa serişdelerine uzak möhletleýin we uly geljegi bolan mümkinçilik hökmünde garaýar.

Şeýle-de bolsa, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir göni gaz ibermek bilen çäklenmeýär. Ermenistan tarapy tejribe alşylmagyny, döwrebap energetika tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny we özara bähbitli täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan beýleki esasy ugurlary hökmünde görýär.