Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary iýul aýynyň 1-10-y aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriň Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Halifa uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Olar bu ýerde guralan “Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri” atly okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar. Saparyň esasy maksady meşhur ADNOC kompaniýasynyň önümçilik işleri, şeýle hem Halifa uniwersitetiniň okuw we ylmy-barlag tejribesi bilen ýakyndan tanyşmakdan ybaratdyr.
Tejribeligiň dowamynda türkmen talyplary döwrebap nebitgaz tehnologiýalary, emeli aňyň energetika pudagyna ornaşdyrylyşy we ýokary okuw mekdebiniň ylmy barlaghanalarynyň iş usullary bilen içgin tanyşyp, öz nazary bilimlerini halkara tejribesi bilen baýlaşdyrýarlar. Bu çäre ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşýar. Maksatnama laýyklykda, ýaşlar ADNOC kompaniýasynyň desgalaryna, Aerokosmos hem-de 3D çap etmek barlaghanalaryna baryp görerler, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, burawlama we gatlak suwuklyklary boýunça gysga möhletli ýörite okuwlara gatnaşarlar.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim syýasaty netijesinde milli bilim ulgamy dünýä giňişligine işjeň goşulyşýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goldawlary esasynda daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri hem-de iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Talyp ýaşlar özleriniň kämilleşmegi we dünýä standartlaryna laýyk bilim almagy üçin döredilýän bu ajaýyp şertler hem-de giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.