744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.07.2026
Türkmenistan bilen Azerbaýjan sebit ähmiýetli täze ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge taýýarlanýarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýulda ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Duşuşykda myhman Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze sahypany açandygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar söwda, logistika, ylym we tehnika ulgamlarynda gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisiniň wajyp ornuny aýratyn nygtadylar.

Duşuşykda iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşişini netijeli ulanmagyň, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň we logistika ugurlaryny kämilleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygy bellenip geçildi.