744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.07.2026
Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar sebitinde bilelikdäki iri energetika taslamalaryny güýçlendirýärler

Aşgabatda 8-nji iýulda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisinde nebitgaz we elektroenergetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mazmunyny düzdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Iki ýurduň hem uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy dünýäniň energetika bazarynda tagallalary utgaşdyrmak we giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek babatda täze mümkinçilikleri açýar.

Elektroenergetika pudagyndaky gatnaşyklaryň geljegi barada gürrüň edilende, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin berk esas döredýär. Taraplar bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny we ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini anyk meýilnamalar esasynda seljerdiler.

Energetika ulgamy bilen bir hatarda, duşuşykda özara haryt dolanyşygyny ýylsaýyn artdyrmak we ulag-logistika kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine hem seredildi. Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýükleri daşamakda Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň bähbitli ugurlaryny peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi hem öz içine alan bu wekilçilikli mejlisiň ahyrynda hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli Teswirnama gol çekildi.