744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.07.2026
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we ABŞ-nyň senatory hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy iýulda ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, senator Stiw Deýns bilen duşuşdy. Taraplar syýasy dialogy, söwda-ykdysady gatnaşyklary we ýangyç-energetika hem-de TOPH ýaly transmilli taslamalarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda mihman Prezident Donald Trampyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň döwlet Baştutanyna jogap arzuwlaryny ýollap, amerikan halkyny Garaşsyzlygyň şanly 250 ýyllygy bilen gutlady hem-de bu saparyň ikitaraplaýyn dialogy ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada dälisälere durulyp geçilip, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň geňeşmeleriň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna we BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berildi. Şeýle-de taraplar özara bähbitli medeni-ynsanperwer, ylym-bilim taslamalaryny we sport, hususan-da, golf ugruny ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady ulgam gatnaşyklaryň esasyny düzüp, bu ugurda "Türkmenistan — ABŞ" işewürlik geňeşiniň hyzmaty aýratyn nygtaldy. Häzirki wagtda "Boeing", "General Electric", "John Deere", "Case New Holland" ýaly iri amerikan kompaniýalary ýurdumyzda netijeli taslamalary durmuşa geçirýärler. Geljegi uly ugurlar hökmünde ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary bellenildi. Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna ABŞ tarapyndan berilýän goldawa ýokary baha berýär we bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklaýar.