744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.07.2026
Türkmenistan we ABŞ energetika ulgamynda innowasion hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy iýulda ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, senator Stiw Deýnsi kabul etdi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze şertlerde ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda esasy üns ýangyç-energetika ulgamynda emeli aňy, maliýe we öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly hyzmatdaşlygy döwrebaplaşdyrmaga gönükdirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň baý tebigy gorlaryna daýanyp, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini we bu ugurda ABŞ-nyň döwrebap tehnologik tejribesinden peýdalanmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşykda sebit durnuklylygy we ykdysady ösüş üçin uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn orun berildi. Hormatly Prezidentimiz bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine Amerikan tarapyndan berilýän yzygiderli ünse we goldawa ýokary baha berdi hem-de bu hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin bähbitlere laýyk geljekdigine ynam bildirdi.