Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň gallaçy daýhanlaryny, kärendeçilerini, hususy önüm öndürijilerini, mehanizatorlaryny we ähli oba hojalyk işgärlerini sahawatly türkmen topragynda guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bol hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp zähmet ýeňşiniň ýurtda agzybir hem-de yhlasly alnyp barlan çäreleriň netijesidigini aýratyn nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Häzirki wagtda agrosenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýeri hem-de suwy tygşytly peýdalanmak maksady bilen döwrebap tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ýer eýeleri mineral dökünler bilen doly üpjün edilip, önümleri gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Döwletimiz Babadaýhan kesbini dowam etdirýän daýhanlaryň halal zähmet çekip baýamaklary üçin ähli şertleri döretmegi dowam eder.
Ýurdumyzyň däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk Ylmy-barlag institutlarynda tohumçylyk işini ylmy esasda guramak hem-de kesellere durnukly täze sortlary döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow gadymdan gelýän ekerançylyk däplerine we häzirki zaman ekerançylyk ylmyna daýanýan gallaçylaryň ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap aljakdyklaryna hem-de geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdyklaryna berk ynam bildirdi.