Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, onda 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerini jemledi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hemde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerinde durnukly ösüş üpjün edilip, jemi içerki önüm (JIÖ) 6,3 göterim ýokarlandy. Pudaklar boýunça alanyňda, ösüş depgini ulag-aragatnaşykda 10,4%, söwdada 8,5%, hyzmatlar ulgamynda 8,4%, gurluşykda 6,7%, senagatda 2,7% we oba hojalygynda 2% deň boldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1%, daşary söwda dolanyşygy bolsa 7,5% artdy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Senagat we energetika pudagynda hem ýokary netijeler gazanyldy. Ýylyň birinji ýarymynda 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz we 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy. Gurluşyk we senagat toplumy boýunça meýilnama 127,9% berjaý edilip, suwuklandyrylan gaz, bitum, dizel ýangyjy, çalgy ýaglary we sement öndürmegiň möçberleri ep-esli artdyryldy.
Oba hojalyk toplumynda umumy önümçiligiň ösüş depgini 109,8 göterime ýetdi. Ýurdumyzyň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etdiler. Häzirki wagtda galla oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlyk işleri, şeýle hem gowaça we şaly meýdanlarynda agrotehniki ideg işleri dowam edýär.
Durmuş hyzmatlary ulgamynda, ylym-bilim we sport ugurlarynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Alty aýyň dowamynda türkmen okuwçylary we talyplary halkara ders hem-de internet bäsleşiklerinde 992 medal, türgenlerimiz bolsa halkara ýaryşlarda 415 medal gazandylar. Döwlet Baştutanymyz 2026-2027-nji okuw ýyly üçin ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady hem-de giriş synaglarynyň adalatly geçirilmegini tabşyrdy.
Mejlisde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere hem seredildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, G. Garlyýew başga işe geçmegi sebäpli «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadylyp, bu wezipä B. Amanow bellendi. Şeýle hem, Mary welaýatynyň häkimi D. Annaberdiýew başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy we onuň ýerine B. Orazgylyjow Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz milli manadyň durnuklylygyny saklamak, maýa goýumlary artdyrmak, salgyt ulgamyny kämilleşdirmek we geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak döwletiň öňünde duran esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi.