Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, onda 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijelerini jemledi. Mejlisiň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda gazanylan ykdysady görkezijilere, önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişine hem-de pudagyň ösüş ugurlaryna aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Wise-premýer Guwanç Agajanow ýangyç serişdeleriniň çykarylyşyny köpeltmek we eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmak baradaky meýilnama 108,3 göterim, ony gaýtadan işlemek meýilnamasy bolsa 104,1 göterim berjaý edildi. Şeýle hem benzin öndürmekde 116 göterim, dizel ýangyjynda 111,4 göterim, polipropilende 100 göterim, çalgy ýaglarynda 119,4 göterim we suwuklandyrylan gazda 118,5 göterim görkezijiler gazanyldy. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,6 göterim amal edildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow hem senagat pudagyndaky durnukly ösüşi tassyklap, alty aýyň içinde ýurt boýunça 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gazyň hem-de 4 million 129,8 müň tonna nebitiň çykarylandygyny habar berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim, çalgy ýaglary 7,2 göterim, nebit bitumy 39,9 göterim hem-de suwuklandyrylan uglewodorod gazlary 64,5 göterim ýokarlandy.
Mejlisde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere hem seredilip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Gurbangeldi Garlyýew başga işe geçmegi sebäpli «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä öň «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Berdimyrat Amanow bellendi. Täze bellenen ýolbaşçy özüne bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanyna sagbolsun aýdyp, öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bar güýç-gaýratyny sarp etjekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň we «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem nebitgaz kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak üçin geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.