744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.07.2026
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy täzelendi

Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde geologiýa pudagynda wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly Karara gol çekildi. Ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan bu döwlet korporasiýasyna täze ýolbaşçy bellenip, öňki ýolbaşçy başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Gurbangeldi Garlyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna ozal «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Berdimyrat Amanow bellendi. Täze ýolbaşçy döwlet Baştutanyna sagbolsun aýdyp, öňde duran wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýylyň ilkinji alty aýyndaky jemleri jemlenilip, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi.