Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda 11-nji iýulda hasabat ýygnagy geçirildi. Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde toplumyň öňünde goýan anyk wezipeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow ýygnagy açyp, döwlet Baştutanymyzyň pudagyň işini kämilleşdirmek hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda döredýän giň mümkinçiliklerini nygtady. Maslahatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G. Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M. Babaýew we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy B. Amanow dagylar ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işler boýunça hasabat berdiler.
Ýygnagyň dowamynda strategik ähmiýetli taslama bolan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň barşyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem tebigy gazy dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak , täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek hem-de işleri howa şertlerine görä talabalaýyk guramak baradaky tabşyryklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wise-premýer Guwanç Agajanow iri taslamalary yzygiderli gözegçilikde saklamagyň we sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, pudaklaýyn edaralaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy hem-de nebitgaz senagatynyň işgärlerine öňde duran meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi.