Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak, nebitgaz pudagynyň kuwwatyny artdyrmak hem-de tebigy gazy dünýä bazarlaryna çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisinde bu ugra degişli anyk wezipeleri kesgitledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna çig mal çykarmak baradaky meýilnamalary doly ýerine ýetirmegiň we pudagyň strategik ösüşini üpjün etmegiň möhümdigini düşündirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz nebitgaz senagatynyň öňünde üç sany esasy wezipäni goýdy.
Birinjiden, dünýäniň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» ýatagyny senagat taýdan özleşdirmek işlerini çaltlandyrmak hem-de türkmen tebigy gazyny halkara bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak tabşyryldy.
Ikinjiden, täze uglewodorod ýataklaryny tapmak maksady bilen, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini we işjeňligini ýokarlandyrmak bellenildi.
Üçünjiden, toplumyň düzümindäki kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak, çykarylýan çig malyň harytlyk hilini gowulandyrmak we ekologiýa taýdan arassa önümçilige aýratyn üns bermek wezipesi öňe sürüldi.