744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.07.2026
Türkmenistanda nebitgaz ugurly okuw mekdeplerine talyplyga kabul etmek möwsümi başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Şu ýyl milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, okuw maksatnamalarynyň we hünärleriň gerimi ep-esli giňeldildi. Hususan-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze magistr maksatnamalary goşulyp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebine bolsa alty sany täze ugur we hünär girizildi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026/2027-nji okuw ýyly üçin hünärmen hem-de bakalawr maksatnamalary boýunça resminamalary kabul edip başlaýar. Ýokary okuw jaýynda okuwlar tölegli esasda alnyp barlyp, oňa orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary bäsleşik esasynda kabul edilýär. Şeýle hem uniwersitetde iňlis dilinde okadyljak birnäçe täze ugurlar hödürlenip, bu ugurlara girmek isleýän dalaşgärler üçin goşmaça dil taýýarlyk testi we zerur bolan ýagdaýynda bir ýyllyk dil taýýarlygy okuwy göz öňünde tutulýar.

Dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda kabul ediler. Arza tabşyrmak üçin pasport, harby şahadatnama, bilim derejesi bilen bagly resminamalar, saglyk kepilnamasy we häsiýetnama ýaly esasy resminamalaryň asyl nusgalary we göçürmeleri talap edilýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek çäreleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän uniwersitetiň özünde 2026-njy ýylyň 29-njy iýuly we 13-nji awgusty aralygynda sebitler boýunça bellenilen aýratyn günlerde geçiriler. Synaglar saýlanyp alnan hünäre görä fizika, matematika, himiýa, iňlis dili we Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça dilden döwlet dilinde guralar. Synaglara esassyz sebäplere görä gelmedik ýa-da şowsuz bolan dalaşgärler indiki tapgyrlara goýberilmeýär.

Giňişleýin maglumat bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.