744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.07.2026
Türkmenistanda ýylyň 28-nji hepdesindäki birža söwdalarynyň jemleri boýunça 16 geleşik hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 28-nji hepdesinde geçirilen söwdalaryň netijeleri boýunça daşarky we içerki bazarlarda jemi 128 million 216 müň manada hem-de 3 million 297 müň 391,17 amerikan dollaryna barabar bolan şertnamalar baglaşyldy. Hepde boýunça dürli görnüşli önümleri satyn almak boýunça daşary ýurtly we ýerli işewürleriň gatnaşmagynda 16 sany netijeli birža geleşikleri amala aşyryldy.

Daşarky bazarda hepdedäniň dowamyndaky söwdalar Türkiýäniň telekeçileriniň nah ýüplük satyn almagy bilen başlandy. Hepde boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Gruziýanyň işewürleri türkmen harytlaryna uly gyzyklanma bildirdiler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan arassalanan pagta ýagy, nah we biz matalar, dokma hem-de gurluşyk önümleri, şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy uly möçberde satyn alyndy.

Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçiler milli önümlere garaşly geleşikleriň gerimini has-da giňeltdiler. Olar «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginden birinji hilli bugdaý ununy, Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini, «Türkmenýüpek» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden çig ýüpegi hem-de «Türkmenpagta» döwlet konserninden pagta süýümini satyn almak barada özara bähbitli ylalaşyklar baglaşdylar.