744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.07.2026
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi täze okuw ýylyna dalaşgärleri kabul edýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde täze okuw ýyly üçin dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Karary esasynda, 2026-njy ýylda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Döwlet Baştutanynyň bu tabşyrygyny durmuşa geçirmek maksady bilen, okuw ojagynda resminamalary kabul etmek boýunça ýörite topar utgaşykly işe girişdi.

Ýurdumyzyň nebit-gaz pudagyna kämil hünärmenleri taýýarlaýan bu bilim ojagynda dalaşgärleriň resminamalary bellenen tertipde we ýokary guramaçylyk derejesinde kabul edilýär. Bilim almak we geljekde saýlap alan hünäriniň eýesi bolmak isleýän ýaşlar üçin mekdepde ähli amatly şertler döredildi. Ýörite topar dalaşgärlere we olaryň ene-atalaryna okuwa kabul edilmegiň şertleri hem-de bar bolan hünär ugurlary barada doly maglumatlary berýär.

Häzirki wagtda alnyp barylýan bu möhüm möwsümiň möhletleri hem anyklandy. Mekdebiň kabul ediş topary tarapyndan resminamalary kabul etmeklik işleri 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 13-inden başlanyp, awgust aýynyň 17-sine çenli dowam eder. Geljegini nebitgaz ulgamy bilen baglamak we bu ugurda ýörite bilim almak isleýän ýaş dalaşgärler öz resminamalaryny bellenen möhletlerde tabşyryp bilerler.