«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki binýady döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli berkidilýär. Ýakynda korporasiýanyň garamagyndaky düzümlere dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna laýyk gelýän täze «Sitrak ZZ4406 V395 ME» kysymly ýük çekiji ulaglaryň 4-si gelip gowuşdy. Bu döwrebap tehnikalaryň satyn alynmagy ýurdumyzyň nebitgaz we geologiýa pudagynyň maddy-tehniki üpjünçiligini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreleriň aýdyň subutnamasydyr. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Gelip gowşan täze ýük çekiji ulaglar geologlaryň iň uzak we barmasy kyn bolan künjeklerde alyp barýan gözleg-barlag hem-de buraw işlerinde möhüm orun eýelär. Bu kuwwatly tehnikalar çylşyrymly ýol we agyr zähmet şertlerine doly uýgunlaşdyrylandyr. Täze ulaglar geologiýa işleri üçin zerur bolan agyr enjamlary hem-de gurluşyk materiallaryny bellenen ýerlere bökdençsiz we wagtynda daşamaga şert döreder.
«Sitrak ZZ4406 V395 ME» modeliniň güýçli motor ulgamy, ýokary çekiji ukyby we Türkmenistanyň howa şertlerine çydamly berk şassisi iň agyr ýükleri hem aňsatlyk bilen menzillere ýetirmäge ukyplydyr. Ulaglarda sürüji üçin döredilen häzirki zaman amatlyklary we awtomatlaşdyrylan ulgamlar iş howpsuzlygyny doly kepillendirýär. Bu tehnikalaryň önümçilige girizilmegi agyr buraw desgalaryny çalt göçürmäge, wagty tygşytlamaga hem-de geologiýa pudagyndaky ägirt uly taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar.