744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.07.2026
Türkmenistanyň nebit senagaty 2026-njy ýylyň birinji ýarymyny ýokary netijeler bilen jemledi

Nebit senagaty Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasyny düzýän möhüm pudaklaryň biri hökmünde durnukly ösmegini dowam edýär. Ýurdumyzda täze nebit ýataklaryny açmak, çig maly gazyp almak, gaýtadan işlemek we dünýä bazarlaryna ibermek işleri ýylyň-ýylyna uly sepgitlere ýetýär. Pudakda gazanylan sepgitler anyk görkezijilerde hem aýdyň görünýär, ýagny 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça ýurdumyzda 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Türkmenistanda gazylyp alynýan nebitiň esasy bölegi Balkan welaýatynyň gury ýerlerini we Hazar deňziniň kenarýaka zolaklaryny öz içine alýan Günbatar sebitiň paýyna düşýär. Bu ýerde Goturdepe, Gumdag, Barsagelmez, Çeleken we Nebitlije ýaly iri gury ýer ýataklary işjeň özleşdirilýär. Mundan başga-da, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýalpaklyklary özleşdirmek işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlar bolan Malaýziýanyň «Petronas» we Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil» kompaniýalary işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzda diňe bir çig maly gazyp almak däl, eýsem gaýtadan işlemek we ýokary hilli önümleri öndürmek ugrunda giň şertler döredildi. Gazylyp alynýan nebit çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda taýýar önümlere öwrülýär. Geçen 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,2 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi bolsa 64,5 göterim ýokarlandy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilýän nebit we nebit önümleri Hytaý, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Eýran hem-de Owganystan ýaly döwletlere yzygiderli eksport edilýär. Eksport edilýän ýokary hilli taýýar önümleri sarp edijilere çalt we ygtybarly ýetirmekde döwrebap logistika hyzmatlaryny hödürleýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri has-da giňeldilýär.