744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi. 14-nji iýulda geçirilen duşuşykda goňşy döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda myhman Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejedäki ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýandygyny belläp, bu gezekki saparyň özara bähbitli gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Halkara we sebit hyzmatdaşlygy duşuşygyň möhüm temalarynyň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz we Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG-niň, GDA-nyň we YHG-nyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Şeýle hem "Merkezi Aziýa +" formatyndaky dialogyň sebit durnuklylygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy üpjün etmekdäki ähmiýeti aýratyn nygtaldy we Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna goldaw berýändigi üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygynyň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna aýratyn üns berildi. Türkmen Lideri bu çäreleriň sebitde özara ynanyşmagy we hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrjakdygyny belledi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, aýratyn-da energetika we ulag-logistika ýaly strategik pudaklarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri boldy. Bu ugurdaky tagallalary netijeli utgaşdyrmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň eýeleýän möhüm orny bellenilip geçildi.

Döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgama hem aýratyn ähmiýet berildi. Iki halkyň köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryna we umumy ruhy gymmatlyklaryna daýanýan bu hyzmatdaşlygy dürli medeni çäreleriň üsti bilen has-da ösdürmegiň zerurdygyna üns çekildi. Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigini tassyklap, myhmana berk jan saglyk we işinde üstünlikleri arzuw etdi.