744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.07.2026
«Türkmengaz» döwlet konserniniň okuw mekdebi dalaşgärleri kabul edýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin nebitgaz, maglumat tehnologiýalar, elektroenergetika, awtomatika, ykdysadyýet we standartlaşdyrmak ýaly jemi 17 sany dürli hünär boýunça talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başlady. Okuwlar tölegli esasda alnyp barlyp, onuň möhleti 2,5 ýyla deňdir.

Hünär mekdebine umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Bellenen tertibe görä, dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 13-nji iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda Mary şäherinde kabul edilýär.

Okuwa girmäge isleg bildirýänler degişli resminamalar bukjasyny, ýagny arzany, anketany, bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasyny, saglyk kepilnamasyny, häsiýetnamany, okuw töleginiň kepil hatyny we 3x4 ölçegdäki 8 sany fotosuraty tabşyrmalydyrlar. Şeýle hem pasportyň hem-de harby şahadatnamanyň nusgalary görkezilmelidir. Bäsleşiksiz ýa-da artykmaç hukuklardan peýdalanýanlar goşmaça degişli resminamalaryny goşup bilerler. Nädogry maglumatlar üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary 2026-njy ýylyň 20-21-nji, 23-nji we 24-nji awgustynda okuw mekdebiniň binasynda geçiriler. Ähli hünärler boýunça synaglar fizika, matematika we Türkmenistanyň taryhy derslerinden döwlet dilinde dilden kabul ediler. Synaga sebäpsiz gelmedikler ýa-da synagdan geçmedikler soňky tapgyra goýberilmeýär. Synaglardan üstünlikli geçenler üçin ýeňillikler "Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kesgitlenilýär.