744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.07.2026
Türkmenistanda kükürtli wodorod gazlaryndan gymmatly eksport önümi alynýar

Türkmenistanda ekologiýa syýasata we galyndysyz ykdysadyýet ýörelgelerine laýyklykda, kükürtli wodorod gazlary gymmatly çig mal hökmünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen dolulygyna gaýtadan işlenilýär. Bu önümçilik işleri Mary welaýatynyň «Galkynyş» gaz känindäki gazy gaýtadan işleýän zawodlar toplumlarynda, Döwletabat gazkondensat känindäki desgalarda, şeýle hem Lebap welaýatynyň Bagtyýarlyk şertnamalaýyn çägindäki Samandepe we Amyderýa gazy gaýtadan işleýän zawodlar toplumlarynda netijeli alnyp barylýar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Gaz arassalamak işi birnäçe çylşyrymly tapgyrlardan ybaratdyr. Ilki bilen, çig gaz ýörite desgalarda amin ergininiň kömegi arkaly zäherli kükürtli wodoroddan we kömürturşy gazyndan bütinleý arassalanyp, arassa metan görnüşinde turbalara ugradylýar. Kükürdi özüne siňdiren amin bolsa ýokary temperaturada gyzdyrylyp arassalanýar we gaýtadan önümçilik aýlawyna girizilýär. Bölünip çykan arassa kükürtli wodorod gazy bolsa indiki gaýtadan işleýiş tapgyryna gönükdirilýär.

Zäherli kükürtli wodorod gazyny gaty kükürde öwürmek we daşky gurşawy goramak üçin ýurdumyzyň zawodlarynda döwrebap Superklaus tehnologiýasy ulanylýar. Bu tehnologiýa galyndy gazlaryň düzümindäki kükürdiň 99,5 göterime çenlisini tutup arassalamaga mümkinçilik berip, howa diňe zyýansyz suw bugunyň we örän ujypsyz mukdardaky kömürturşy gazynyň çykmagyny üpjün edýär.

Reaktordan alynýan gyzgyn we suwuk sary kükürt granulirleme desgalaryna ugradylýar we ol ýerde diametri 2-4 millimetr bolan gaty dänejiklere öwrülýär. Tozamaýan, saklamak we daşamak üçin örän amatly hem-de howpsuz bolan bu taýýar granulirlenen kükürt milli ykdysadyýetimiziň himiýa, oba hojalygy we ýol gurluşygy ýaly pudaklarynda giňden ulanylýar, şeýle hem daşary ýurtlara eksport edilýär.