744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.07.2026
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ählihalk forumyny guramaçylykly geçirmek üçin degişli düzümleriň özara sazlaşykly işlemeginiň zerurdygy nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine onuň agzalary, Mejlisiň, Ministrler Kabinetiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, döwlet we häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň wise-premýerleri H.Geldimyradow, R.Meredow, T.Atahallyýew, N.Atagulyýew, goranmak ministri B.Gündogdyýew, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa hem-de Ahal welaýatynyň halk maslahatynyň başlygy M.Berdiýew dagy çykyş edip, öňde duran taryhy çärelere taýýarlyk görmek we degişli ugurlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýakynda döredilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalynyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ýurdumyzda we halkara derejede ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere üns çekildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde guralýan halkara çäreleriň hem-de sergileriň ähmiýeti barada nygtady.

Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň baş maksadynyň halkyň agzybirligini we abadançylygyny berkitmekden ybaratdygyny aýdyp, döwlet syýasatynyň wajyp ugurlaryny wagyz etmek boýunça anyk maslahatlary berdi. Ýaşlar syýasatyny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, saglygy goraýyş, bilim we dürli senagat pudaklaryny kämilleşdirmek geljekki meýilnamalaryň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Mejlisiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz degişli Kararlara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle-de, bu umumymilli forumy ýokary derejede guramak boýunça ýörite guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.